Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň döredilmeginiň 1 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň döredilmeginiň 1 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Geçirilen çärä Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO Klublarynyň, kafedralarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary we Lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

Dabara bagyşlanan maslahatda, ilki bilen, ýokary-okuw mekdebiniň talyplary Magtymguly Pyragynyň tebigat we daşky gurşawy wasp edýän çeper eserlerinden “Dürli-dümen otuň biter, her deräň bir ile ýeter...” atly aýdym-sazly edebi kompazisiýany ýerine ýetirdiler. ÝUNESKO klubynyň döredilmeginiň 1 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda klubyň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy. Dabaraly maslahatda çykyş edenler täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň ynsan saglygyna şypa berýän baý dermanlyk ösümliklerini öwrenmeklige döredilýän mümkinçilikler, bu ugurda sagdyn, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmegiň orny, uniwersitetde hereket edýän “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda uniwersitetiň talyp ýaşlaryndan düzülen “Melhem” aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna hem tomaşa edildi.