2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyplaryň “Esger Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly zähmet we söweş ýoly ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň geçen zähmet we durmuş ýoly, Watançylyk urşunda görkezen merdanalygy, gaýduwsyzlygy baradaky çykyşlar diňlenildi.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe türkmen halkynyň sarpasyny belentliklere göterýän Hormatly Prezidentimize uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.