Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa eýlenen gymmatly “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek arkaly talyp ýaşlaryň watansöýüjiligini, ylym-bilimini, kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklara, döwletlilik ýörelgelerine, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini güýçlendirmek maksady bilen professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.