TDLU
Habarlar
“Sport, saglygy dikeldiş we dogry iýmitlenme – fiziki işjeňligiň esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
“Sport, saglygy dikeldiş we dogry iýmitlenme – fiziki işjeňligiň esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Sport, saglygy dikeldiş we dogry iýmitlenme – fiziki işjeňligiň esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda diňlenen çykyşlar ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlary sport çärelerine köpçülikleýin çekmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn we zyýanly endiklerden azat bolmagyny üpjün etmek ýaly wajyp meselelere bagyşlandy.












