
2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda halkara derejede alnyp barylýan beýik işleriň hem-de örän möhüm taryhy we şanly sene – Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýetini giňden düşündirmek maksady bilen “Garaşsyz Turkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem abadançylygyň pugtalanmagyna ýardam berýän Bitarap döwletdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.