“Bitaraplyk türkmeniň ynsanperwerliginiň, ruhubelentliginiň pelsepesidir we paýhas gudratydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk türkmeniň ynsanperwerliginiň, ruhubelentliginiň pelsepesidir we paýhas gudratydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Döwletdigi, Bitaraplygyň Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanan iň uly ýeňişidigi, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygy, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işler, hoşniýetli Bitaraplyk we goňşuçylyk gatnaşyklary, Watan mukaddesligi, Bitaraplygyň türkmen halkyna beren miweleri, ýurt Bitaraplygynyň ýyllary içinde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler we başgalar barada giňişleýin durulyp geçildi.