“Türkmen halysy – nepisligiň sungat eseri” atly Türkmen halysynyň milli muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän, gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan, milletimiziň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan inçeden nepis türkmen haly sungatyny wasp etmek maksady bilen “Türkmen halysy – nepisligiň sungat eseri” atly Türkmen halysynyň milli muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.