Ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçirilen ders bäsleşiginiň netijeleri:
Hormatly Prezidentimiziň Sanly Bilim konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de talyp ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek maksady bilen sanly Bilim portalynyň üsti bilen “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersi boýunça olimpiada geçirildi. Olimpiada testler we dürli meseleler çözmek görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň netijesi boýunça şu aşakdaky talyplar ýeňiş gazandy:
- I orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Serdar Gulmyşow;
- II orun – Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Mergen Durdyýew;
- III orun – Kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Abdyrahym Döwranow.