Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň neşir edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhynda taýsyz döredijilik dünýäsi bilen uly şöhrata eýe bolan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň waspyny giňden beýan edýän bu gymmatly dürler hazynasy bolan kitabyň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler eziz Watanymyzyň beýik ösüşlere, täze belentliklere ýetmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň dünýäniň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent mertebeli adynyň, nesillere miras goýan gymmatly şygryýet bossanynyň, beýik mertebesiniň has-da ýokary göterilmegi ugrunda alyp barýan mukaddes işleri, aýratyn zehin-yhlasy bilen dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly döredijilik dünýäsi barada ýazan ajaýyp kitabyny peşgeş bermegi hem-de bu kitabyň akyl-paýhasa eýlenen gymmatly hazynadygy barada buýsançly sözleri aýtdylar. Magtymguly Pyragynyň joşgunly, belent ruhda ýaňlanýan şygryýetiniň häzirki döwürde dünýäniň halklary bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, parahatçylygy berkitmekde, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Beýik akyldaryň goşgularynyň dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda öçmejek yz goýup, akyldar şahyryň nesillere goýup giden edebi mirasynyň özboluşly, gymmatly terbiýe mekdebidigi, döwre mynasyp, watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, edep-terbiýeli ýaşlary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi baradaky gymmatly maglumatlar bilen çykyş etdiler.