Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn seminara gatnaşdylar

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 10-na Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň gurnamagynda geçirilen “Sanly ykdysadyýet kafedrasynda alnyp barylýan okuw we ylmy işler barada” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.