
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde gibrid görnüşinde geçirilen “Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Maslahata daşary döwletlerden gelen öňdebaryjy alymlar we hünärmenler, halkara lukmançylyk we bilim edaralarynyň wekilleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Çykyşlarda lukmançylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň, täze tehnologiýalaryň, şol sanda emeli aň ulgamlarynyň we AR/VR tehnologiýalarynyň bilim bermek işine ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Lukmançylyk bilimini döwrebaplaşdyrmak we geljekki lukmanlaryň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahat, bölümçeleriň işleri, sergiler, şeýle hem uniwersitetiň kliniki we bilim bölümlerine saparlar we ýygnaklar bilen dowam etdiriler.