Lukmançylyk uniwersitetinde “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

“Aýurweda” Hindi lukmançylygy gadymy ugryna degişli bolup, häzirki wagtda dünýä lukmanlary tarapyndan öwrenilýän ugyrlaryň biridir. Açylyş dabarasyna Hindistan döwletinden gelen myhmanlaryň gatnaşmaklygy dabaranyň şowhynyny has hem artyrdy. Türkmen-Hindi hyzmatdaşlygy 2015-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti ýurdumyza resmi resmi sapar bilen gelen Hindistan Döwletiniň Premýer-ministeri Narendra Modiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäginde gol çekilen bilelikdäki türkmen-hindi beýannamasynyň esasynda ýola goýuldy we Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagy medeni gatnaşyklarda täze sahypanyň başlangyjy hökmünde ykrar edildi. Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Saglygy dikeldiş  we adaty däl lukmançylygy” we “Sport lukmançylygy” hünäriniň Okuw meýilnamalaryna Ýoga terapiýasy hem-de dermanlyk ösümlikleriniň ulanmagy bilen Aýurwedanyň esaslary derslerini girizmeklikden başlandy. “Aýurweda” okuw otagynyň açylmaklygy gelejekde lukmançylyk kärini saýlap alan talyp ýaşlarymyzyň keselleri bejermekde we öňüni almakda iýmitiň, howanyň, dynç alyşyň, beden taplamanyň, dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygynyna ýetirýän täsiriniň syrlaryny öwrenmekde örän netijeli bolar. Okuw otagynyň açylmaklygy talyp ýaşlaryň Hindi lukmançylygynyň syrlaryny öwrenip, türkmen lukmançylygynyň kämilleşmekliginde uly ýaradam berer.