
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, talyp ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmak, sanly maglumat - kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplara amaly ähmiýetli meseleleri çözmäge gyzyklanma döretmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Ekologiýa we daşky gurşawy goramak” dersi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda açyk internet olimpiadasy geçirildi. Geçirilen olimpiada ýurdumyzyň 24 sany ýokary okuw mekdeplerinden zehinli talyplar gatnaşdylar.
Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlenildi we üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanyldy.
Ders bäsleşiginiň netijesinde 35 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Olardan 8-si 1-nji orny, 13-si 2-nji orny, 14-si 3-nji orny eýelediler.