TDLU
Habarlar
“Türkmenistanyň Bitaraplyk diplomatiýasy we hoşniýetli hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary” atly onlaýn seminar
“Türkmenistanyň Bitaraplyk diplomatiýasy we hoşniýetli hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary” atly onlaýn seminar

2025-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda geçirilen “Türkmenistanyň Bitaraplyk diplomatiýasy we hoşniýetli hyzmatdaşlyga gönükdirilen halkara başlangyçlary” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.