“Halkara diplomatiýasyny ösdürmekde dünýä dilleriniň ähmiýeti” atly onlaýn seminar

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň saýlanan ýaş wagyzçylary hem-de meýletinçileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda geçirilen “Halkara diplomatiýasyny ösdürmekde dünýä dilleriniň ähmiýeti” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.