Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döredilip, ilkinji sany neşir edildi

2025-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda  Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly ylmy elektron žurnaly döredilip, ilkinji sany uniwersitetiň “tdlu.edu.tm” resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi. Žurnal türkmen, iňlis we rus dillerinde ýylda iki gezek elektron görnüşinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetiriler.

Elektron žurnalda ýurdumyzyň, daşary ýurt döwletleriniň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, halkara guramalarynyň hünärmenleriniň lukmançylyk ylymlarynyň we bilimleriniň, şol sanda bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, saglygy goraýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, melhemçilik işleriniň nazary we amaly meselelerine, Gahryman Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk işleri bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak, sagdyn ýaşaýyş gurşawy döretmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylyşyna bagyşlanan ylmy makalalary çap etmek göz öňünde tutulýar.

 «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar» atly elektron žurnalda Gahryman Milli Liderimiziň hem-de Belent Mertebeli Gahryman Prezidentimiziň ylmy-lukmançylyk diplomatiýa boýunça kesgitläp beren wezipeleri, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, hususan-da, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen möhüm sepgitlere we gazanylan üstünliklere aýratyn orun berler. Lukmançylyk uniwersitetiniň täze elektron žurnaly arkaly ählumumy telekommunikasiýa tory arkaly halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdiriler, professor-mugallymlar, talyplar, lukmanlar, alymlar we hünärmenler üçin tejribe alyşmaga giň mümkinçilikler dörediler.