23-nji fewralda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde Biologiýa dersi boýunça Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan gurnalan döwlet onlaýn ders bäsleşigine Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary gatnaşdy. Olardan Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Tekäýew Şatlyk I orna, , Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Nazarow Babajan II orna, Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Meredow Azat II orna, Annageldiýew Saparmuhammet III orna, Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Sapargylyjow Bereket III orna mynasyp boldylar.