
2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň bilelikdäki tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nowsanlyklaryndan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalary duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp- dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maslahadyň esasy maksady boldy.