Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýaş nesillerimizde ata Watanymyzyň taryhy ösüşiniň esasy maksatlaryna, üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemek, ýaş wagyzçylaryň we suhangöýleriň täze neslini kemala getirmek we bu ugurda öňdebaryjy ýaşlaryň goruny döretmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaş, zehinli suhangöýleri ýüze çykarmak, ýaşlarda döredijilikli pikirlenmek endiklerini terbiýelemek, ýaşlaryň liderlik we ugurtapyjylyk häsiýetlerini ösdürmek, milli bähbitlerimize laýyklykda pikirlenýän, Watana wepaly ýaş nesli kemala getirmekden, ene dilimiziň baý we köptaraplaýyn mümkinçiliklerini açyp görkezmek hem-de ýaşlaryň dil başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.