Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasyna (IAU) agza boldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasyna (IAU) agzalyga resmi taýdan kabul edildi. Bu möhüm waka uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, okuw we ylmy hereketliligini ýokarlandyrmak we ýokary bilim babatynda dünýä derejesindäki başlangyçlara gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýän IAU tejribe, bilim we pikir alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Agzalyk uniwersitete birnäçe mümkinçilikleri hödürleýär: giňeldilen World Higher Education Database (WHED) goruna elýeterlilik, çärýekde bir gezek çap edilýän Higher Education Policy žurnaly, ýylda iki gezek çap edilýän IAU Horizons žurnaly, şeýle hem ýokary bilimiň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlara, seminarlara we webinarlara gatnaşmak.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň IAU-a goşulmagy, ýokary okuw mekdebiň bu halkara guramanyň akademik gymmatlyklaryna ygrarlydygyny we medeniýetara dialogy, durnukly ösüşi, sanly özgertmeleri hem-de ýokary bilimiň ähli halklar üçin elýeterligini güýçlendirmäge çalyşýandygyny tassyklaýar.

IAU-nyň öňe sürýän gymmatlyklarynyň arasynda akademik azatlyk, garaşsyzlyk, deňhukuklylyk, akademik hereketlilik, adam hukuklaryny we jebisligi öňe sürmek aýratyn orun eýeleýär. Uniwersitet bu ýörelgeleri goldamaga we olary okuw işine, ylmy gözleglere hem-de dolandyryş çözgütlerine ornaşdyrmaga taýýardygyny beýan edýär.

Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasyna agza bolmak uniwersitetiň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda hem-de ony dünýä derejesindäki bilim we ylmy merkez hökmünde pugtalandyrmakda möhüm ädimdir.