
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleșigi geçirýändigini yglan etdi.
Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen we rus dillerinde hödürlener.
Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlama we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlama tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.
Saýlama tapgyryň yzygiderliligi: her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli.
Welaýat (şäher) tapgyry 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag șäherlerinden saýlama tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 10:00-da saýlama tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.
Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312-48-99-32; +99364-00-04-70