Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Koreýa Respublikasyndan wekiliýeti kabul etdi

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Koreýa Respublikasynynyň Pusan Milli uniwersitetiniň Koreý lukmançylygy mekdebiniň halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Han Çeňiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Ilki bilen myhmanlar uniwersitetiň baş binasynyň eýwanynda gurnalan sergi bilen tanyşdylar. Bu sergide uniwersitetiň gazananlary, döwrebap tehnologiýalary we okuw materiallary görkezildi.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda iki ýokary okuw mekdebiň arasynda özara hyzmatdaşlyk meseleleri we şertnama baglaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Akademik we ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Wekiliýetiň agzalary uniwersitetiň kafedralaryna hem baryp görüp, talyplara ýokary derejede bilim almak üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdylar. Koreýaly myhmanlar okuw otaglarynyň döwrebap enjamlaşdyrylyşy, häzirki zaman multimediýa tehnologiýalarynyň ulanylyşy we hünärmenleri taýýarlamak boýunça ulanylýan usullar bilen gyzyklandylar. Amalyýetde alnan bilimleriň tejribe taýdan berkidilişine aýratyn üns berildi.

Saparyň ahyrynda wekiliýetiň agzalary myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, uniwersitetiň talyplarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny bellediler we iki ýurduň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň has-da ösüşe eýe boljakdygyna ynam bildirdiler.