
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2025-nji ýylda Aziýanyň uniwersitetleriniň abraýly halkara Times Higher Education bilim reýtingine Habarçy (Reporter) hökmünde resmi taýdan goşuldy. Bu möhüm waka uniwersitetiň bilim we ylmy işlerinde gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Reýtinge goşulmak, dünýäniň öňdebaryjy bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem talyplaryň we professor-mugallymlaryň arasynda özara bilim we tejribe alyşmaga ýardam berýär.
“Times Higher Education” reýtingi dünýäde iň abraýly sanawlaryň biri bolup, uniwersitetlere okatmagyň hili, ylmy-gözleg işleri, halkara hyzmatdaşlygynyň derejesi we jemgyýetçilik täsiri ýaly birnäçe görkezijiler boýunça baha berýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bu reýtinge girizilmegi uniwersitetiň ýokary bilim we ylmy standartlaryna ygrarlydygyny tassyklaýar.