“Miopiýanyň bejergisine döwrebap çemeleşme”

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki merkezinde 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 23-24-ne “Saglyk – abadançylygyň we gülläp ösüşiň altyn açarydyr” atly oftalmologlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty we ýaş oftalmologlar üçin “Miopiýanyň bejergisine döwrebap çemeleşme” atly okuw seminary geçirildi. Ylmy maslahatlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň Oftalmologiýa komiteti, Myrat Garrýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keseller ylmy-kliniki merkezi tarapyndan gurnaldy. Ähli welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden oftalmologlar, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan ýörite çagyrylan hünärmenleriň topary gatnaşdy:


  • Tahçidi Hristo Periklowiç - N.I.Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş işleri boýunça prorektory, Göz keselleri kafedrasynyň professory, N.I.Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersitetiniň Yokary bilimiň Federal döwlet awtonom bilim edarasynyň Oftalmologiýa milli lukmançylyk barlag merkeziniň direktory, Federal lukmançylyk-biologiki agentligiň Milli lukmançylyk barlag merkeziniň Oftalmologiýa bölüminiň ýolbaşçysy, Federal lukmançylyk-biologiki agentligiň baş oftalmology, l.y.d., RYA-nyň akademigi, RF-nyň at gazanan lukmany;
  • Mýagkow Aleksandr Wladimirowiç - Miopiýanyň milli institutynyň direktory, l.y.d., professor;
  • Zenkowa Ýelena Sergeýewna - Miopiýanyň milli institutynyň Refraksiýa bozulmalarynyň korreksiýasy bölüminiň ylmy işgäri;
  • Mýagkowa Olga Alekseýewna - Miopiýanyň milli institutynyň Kliniki oftalmologiýa bölüminiň ylmy işgäri.


Oftalmologiýanyň iň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy: witreoretinal patologiýa we makulanyň ýyrtygynda autoplazmanyň ulanylmagy bilen innowasion operasiýalar; refraksion bozulmalaryň korreksiýasyna döwrebap çemeleşmeler; miopiýanyň häzirki zaman düzediş we gözegçilik usullary; onuň ösýän görnüşlerinde näsaglaryň alnyp barylyşynyň tertibi; diabetiki retinopatiýada lazer bejeriş meseleleri; gözüň yzky bölümleriniň işemiki ýagdaýlarynyň anyklanylyşy we bejergisi; astigmatizmde refraksion hirurgiýasy; çagalarda oftalmoonkopatologiýasy. Gözüň yzky bölüminiň dürli çylşyrymly patologiýalarynda witreoretinal hirurgiýanyň häzirki zaman usullary görkezilen wideoşekiller örän göreldeli boldy. Daşary ýurtly kärdeşlerimiz görüş agzasynyň dürli patologiýaly näsaglary barlagdan geçirdiler we degişli maslahatlary berdiler; ýaş oftalmologlaryň gatnaşmagynda refraksion bozulmalarynda geçirilýän korreksiýanyň döwrebap usullary we optiki kogerent tomografiýanyň netijeleri boýunça düşündiriş sapaklary geçirdiler.