2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimizde professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda milli döwletlilik ýörelgelerimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklarymyzy, parahatçylykly hem-de döredijilikli milli ýörelgelere ygrarlylygymyzy dowam etdirmek, halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmegiň, ýurdumyzy ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ösdürmegiň möhüm meseleleri barada aýdan gymmatly maslahatlaryny giňden düşündirmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent derejeleri dabaralandyrmak maksady bilen “Milli demokratiýany dabaralandyrmak – abadan we parahat durmuşyň kepilidir” atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi.