ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary onlaýn maslahata gatnaşdylar

2025-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” ÝUNESKO kluby bilen bilelikde ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň gatnaşmagynda 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli onlaýn görnüşinde maslahata Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalary gatnaşdylar we çykyş etdiler.