“Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Hormat haty bilen sylaglandy

2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerinden hem-de nusgalyk taglymatlaryndan ruhlanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkara derejesinde geçirilen olimpiadalara işjeň gatnaşyp, gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy Emir Sopyýew Hormat haty bilen sylaglandy.