Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» talaplaryny durmuşa geçirmek hem-de, ösüp gelýän ýaş nesliň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak, zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-ne uniwersitetimizde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen Biologiýa dersi boýunça bäsleşigiň Döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeginde bilim alýan mekdep okuwçylarymyzdan bäsleşigiň saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan 38 okuwçy Döwlet tapgyrana gatnaşdylar. Bäsleşigiň Döwlet tapgyry uniwersitetimizde häzirki zaman kompýuteriň kömegi bilen geçirildi. Bäsleşigiň çäginde uniwersitetimiz bilen tanyşlyk, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine syýahat hem-de dabaraly ýagdaýda sowgat gowşurylyşyk ýaly çäreler gurnaldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde has gowy netije görkezen Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jumadurdyýewa Aýsona I orna, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Atageldiýew Kerimberdi, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Ballyýewa Gülnar II ornalara, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Babaýewa Maýsa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mergenow Umyt hem-de Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Babaýewa Mähriban III orunalara mynasyp boldular.