“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – halk lukmançylygynyň gadymy däpleriniň özeni” atly duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen “Maddy däl medeni mirasyň halkara güni” mynasybetli ýurdumyzyň çäginde “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – halk lukmançylygynyň gadymy däpleriniň özeni” atly duşuşyk geçirildi.