Lukmançylyk uniwersitetinde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalary duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.