“Magtymguly – türkmeniň ruhy sütüni”

2021-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda “Magtymguly – türkmeniň ruhy sütüni” atly daşary ýurt dillerinde mugallymlaryň we talyplaryň okuw-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda şahyryň şygryýet dünýäsi we edebi. mirasy barada gyzykly çykyşlar edildi.