2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýylynda uniwersitetiň bagtyýar talyplarynyň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginde waspy ýetirilýän sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak maksady bilen “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sagdyn durmuş ýörelgeleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminde öňe süren öwüt-ündewleriniň, ýörelgeleriniň her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky ornaşandygyny, türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döredip, öz döredijiliginde belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi, sagdyn durmuş, ruhy-ahlak garaýyşlaryny öňe sürendigini uly buýsanç bilen bellediler.