Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn seminara gatnaşdylar

2025-nji ýylyň mart aýynyň 6-na Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek onlaýn maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen “Akylly öýler Iot tehnologiýasy: energiýa sarp edilişini kadalaşdyrmak boýunça programma üpjünçiligi” atly onlaýn seminara gatnaşdylar.