
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli Merkeziniň şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäginde ýol hereketleriniň düzgünlerini berjäý etmäge bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.