Ýürek buýsanç

Jeren Egemowa

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby

Dünýäde iň arzuwlanýan hünärleriň biri bolan lukmançylyk – meniň çagalyk arzuwymdy. Biologiýadan “Altyn asryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine gatnaşyp, etrap, welaýat tapgyrlarynda baýrakly orunlary eýelemegim lukman bolmak höwesimi artdyrdy. Bu gün ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň esasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby bolmak miýesser etdi. Geljekde Milli Lidermiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ynamyna, lukman kasamyna wepaly bolup, saýlan hünärimizi kämil özleşdirip, mynasyp hünärmen bolup ýetişerin.


Guwanç Meredow

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby

Döwrüň bagtyýarlygyny, galkynyşyny, ösüş-özgerişlerini, ajaýyplygyny duýmak hem-de döwür bilen aýakdaş gadam urmak – uly bagt. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda meniň üstünliklerim we bagtly pursatlarym goşalanyp geldi. Çünki, men Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby diýen ada mynasyp boldum. Bu meniň çagalykdaky arzuwym. Halka hemaýat etmek, dertliniň dermany bolmakdan uly bagt ýok bolsa gerek. Çagalykdan arzuwlaryma ymtylyp ähli bäsleşiklere gatnaşdym we biologiýadan “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine gatnaşyp, etrap, welaýat we döwlet tapgyrlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldum. Ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzy aýdýarys.