2024-nji ýylyň 6-njy maýynda Myrat Garryyew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Beýik Britaniýanyň London şäherinde "Talyplaryň Halkara-Bütindünyä innowasion sergisine" onlaýn tapgyryna gatnaşdylar.
Kesel bejeriş fakultetiniň talyplary öz ylmy taslamalaryny iñlis dilinde onlaýn görnüşinde hödürlediler. Netijede, Malika Rozmetowa we Näzik Ataýewa "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň antibakterial täsirini öwrenmek" atly ylmy taslamasy bilen altyn medallara, Muhammedaly Atabayew we Humay Begmyradowa "Eýkozapentaýen we dokazogeksaýen kislotasynyň telomerlaryň ölçegini goramakda tutýan orny" atly ylmy taslamasy üçin kümüş medallara we Begenç Bahramow "Ukusyzlykdan ejir çekyän adamlaryň sirkad ritmini dikeltmek üçin melatonine baý bolan süýdi öndürmek" atly ylmy taslamasy üçin kümüş medala mynasyp boldylar. Ýeňiji bolan talyplar, şu ýylyn awgust aýynda geçiriljek global jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.