Halkara ders bäsleşigi:

2022 - nji ýylyň 24-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça I halkara internet olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Uniwersitetimiziň stomatologiýa fakultetiniň II ýyl talyby Rasulilla Annamyradow II orna, kesel bejeriş fakultetiniň III ýyl talyby Nurgözel Muhyýewa III orna we şol fakultetiň I ýyl talyby Eziz Weliýew III orna mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.