Biologiýa dersinden Halkara Internet-Olimpiadasy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda biologiýa boýunça geçiriljek Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.


Halkara olimpiadasynyň geçirilmegi dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň nazary we amaly soraglary boýunça özara pikir alyşmaklaryna ýardam berer.


Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak 2022-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sagat 18:00 çenli amala aşyrylar.



Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993-12-48-99-62, +993-63-11-64-46;

 Elektron salymyz: tdlu.olimpiada@gmail.com