2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy esasynda dünýä döwletlerinde giňden we dabaraly bellenilýän “Halkara Bitaraplyk güni” mynasybetli Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gurnamagynda üç gün dowam etjek biologiýa dersinden III Halkara internet olimpiadasy öz işine başlady.
Bäsleşigiň esasy maksady “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” hem-de “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” ýerine ýetirmekden ybaratdyr.
III Halkara internet olimpiadasyna türkmen talyplary bilen birlikde dünýäniň 25 sany döwletinden, hususan-da Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Italiýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Ispaniýadan, Polşadan, Horwatiýadan, Rumyniýadan, Latwiýadan, Türkiýeden, Hytaý Halk Respublikasyndan, Günorta Koreýadan, Hindistandan, Malaýziýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasydan, Ermenistandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Täjigistandan 109 sany ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Lukmançylyk uniwersitetimiz bilen özara Ylalaşyklar, Ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyplar gatnaşdylar.
Lukmançylyk uniwersitetinde geçirilýän III Halkara internet olimpiadasyna dünýä standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, Lukmançylyk uniwersiteti bilen özara Ylalaşyk esasynda iş alyp barýan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça tejribeli professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.
Olimpiadanyň jemleri boýunça eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener we üstünlikli çykyş edip, ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar bilen sylaglanar.
Lukmançylyk uniwersitetinde öz işine başlan ders bäsleşigi diňe bir zehinli ýaşlary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem oňa gatnaşýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny hem ýola goýmaga ýardam berer.