
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” köp tomly ylmy ensiklopedik kitaplarynyň derman senagatyny ösdürmekdäki we kämilleşdirmekdäki ähmiýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşanlaryň çykyşlarynda bu ylmy eseriň lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde gymmatly ylmy we amaly çeşmedigi, türkmen topragynda bitýän melhem otlaryň, ösümlikleriň jana şypa beriji häsiýetleriniň dürli derman serişdelerini taýýarlamakda gymmatly gollanmadygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada durulyp geçildi.
Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň beden taýdan sagdyn bolmagyny üpjün etmek milli lukmançylygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýanlygyny bellediler.