“Hindistanda däp bolan iýmit we onuň peýdasy”
2021-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Hindistan Döwletiniň milli baýramy bolan Aýurweda gününe bagyşlanan “Hindistanda däp bolan iýmit we onuň peýdasy” atly wideomaslahat geçirildi. Maslahata Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri hem-de uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Hindistanda iýmit kabul etmegiň däpleri, iýmit önümleriniň bedene ýetirýän täsirleri barada giňişleýin durlup geçildi.