Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasynyň ýeňijileri belli boldy

2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda üç gün dowam eden himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasy öz işini tamamlady.

III Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden, şol sanda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimiziň zehinli talyplary bilen birlikde dünýäniň 10 sany döwletinden, hususan-da Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan 23 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň jemi 220-si gatnaşdylar. Olimpiada A we B derejeleri boýunça geçirildi.

Halkara olimpiadada ýeňiji diýlip yglan edilen talyplara degişli medallar we diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Lukmançylyk uniwersitetimizden olimpiadada şahsy birinjilikde A derejede Pediatriýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Muhammedowa Selbi 2-nji orna, Stomatologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ahmedow Mekan 3-nji orna we Kesel bejeriş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kitaýewa Ogulnur 3-nji orna, olimpiadanyň şahsy birinjilikde B derejesinde Kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Gadamow Nurmyrat hem-de Pediatriýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Jumaýew Yhlas 1-nji orna, Kesel bejeriş fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Ezizow Mergen we Ojybaýewa Laçyn 2-nji orna mynasyp boldular.

Eminler topary tarapyndan iki dereje (A hem-de B) boýunça toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri hem kesgitlenildi. Olimpiadanyň B derejesi boýunça toparlaýyn bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimiz 3-nji orna mynasyp boldy.