2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň çäklerinde HI-TECH 2024 atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlady.
Sergide Türkmenistanyň ylymda we tehnologiýada gazanan üstünlikleri ýaýbaňlandyrylyp görkezildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýdançasy ýerli ýokary okuw mekdepleriň dürli sergi eksponatlary bilen bezeldi. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti hem şol meýdançada öz ylmy üstünlikleri bilen paýlaşdy. Uniwersitetiň sergi eksponatlary halkara maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Halkara maslahatyň meýilnamasynda dürli mowzuklardan ybarat bolan bölümçeler geçirildi. Ýöriteleşdirilen edaralaryň hünärmenleri we halkara institutlaryň wekilleri bölümçelere gatnaşyp, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleri gurnadylar. Konferensiýanyň Emeli aňa we onuň lukmançylykda ulanylyşyna bagyşlanan bölümi aýratyn gyzyklanma döretdi.