
Men Satlyknepesow Seýidahmet Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “bejeriş işi” hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
2025-nji ýyl meniň üçin durmuşymda iň bir bagtly, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Çünki, men bäsleşik esasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby diýen buýsançly ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
Özüm barada aýtsam, 2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 24-nji orta mekdebini tapawutlanan bahalar bilen tamamladym. Mende lukman bolmak arzuwy çagalyk ýyllarymda döräpdi. Şol sebäpli-de mekdepde okan ýyllarym Lukmançylyk uniwersitetine girmek üçin hünäre ugrukdyryş dersleri hasaplanýan biologiýany we himiýany ürç edip öwrenmeklige çalyşdym. Onuň netijesinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine biologiýa ugrundan gatnaşyp, 2025-nji ýylda bäsleşigiň şäher we Döwlet derejesindäki tapgyrlarynda 1-nji orny, welaýat tapgyrynda bolsa baýrakly 2-nji orny eýeledim.
Gelejekde öňümizde goýan maksadymyza ýetmekde hormatly Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren “Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary”, köp jiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, “Türkmenistan – melhemler mekany”, “Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”, “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk” atly we beýleki kitaplary biz üçin iň esasy hem-de ygtybarly ylmy çeşme bolar. Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” we “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaplary bolsa durmuşymyzda, okuwymyzda we geljekki işlerimizde iň arzyly ýol-ýörelgämiz, edep-terbiýämiz we nusgalyk mekdebimiz bolar.
Goý, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumly başlangyçlary hemişe rowaç alsyn! Asmanymyz arassa, ýurdumyz parahat, ilimiz abadan bolsun!