“Saglygym – baş baýlygym”
2024-nji ýylyň 5-nji aprelinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli “Saglygym – baş baýlygym” atly professor – mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda keselleri ir ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak, ýurdumyzda sporty ösdürmek, ýaşlary sport çärelerine köpçülikleýin çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek barada çykyşlar edildi. Uniwersitetiň “Melhem” aýdym-saz toparynyň baýramçylyk çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin berdi.