2025-nji yylyň 29-njy dekabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän medeni çärelere, ylmy-amaly maslahatlara, bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, milli mirasymyzy, taryhy we tebigy ýadygärliklerimizi ylmy esasda öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygy, döredijilikli zähmeti, ýokary jogapkärçiligi üçin Türkmenistanyň Bilim Ministrligi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” ÝUNESKO klubynyň başlygy Berdiýewa Merjen we şol klubyň işjeň agzasy Rejepow Döwlet Hormat haty bilen sylaglandylar.