“Halkara maddy däl medeni mirasymyz – ÝUNESKO-da” atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik

   2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO Klubynyň gurnamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (UNESCO) senenamasynda giňden bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli “Halkara maddy däl medeni mirasymyz – ÝUNESKO-da” atly tegelek stolyň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Lukmançylyk uniwersitetimiziň ÝUNESKO Klubynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli gurnalan söhbetdeşlik ýokary guramaçylykly derejede gurnaldy.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar milli-medeni gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy we ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen däp-dessurlarymyzy öwrenmekde, sarpalamakda, şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, “Türkmenistan-ÝUNESKO:Diýardan ýaýran ýollar bilen hyzmatdaşlygynda, türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.