5-20-nji iýul aralygynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary “Umumy lukmançylyk” dersi boýunça Russiýa Federasiýasynyň Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki binýatlarynda önümçilik tejribeligini geçdiler.
Talyplaryň önümçilik tejribeligi Astrahan Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky bilim we saglygy gorayyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň çäklerinde geçdi.
Geljekki lukmanlar iç keselleri, kardiologiýa, lukmançylyk reabilitasiýasy bölümleriň şeýle hem, Oftalmologiýa merkeziniň we Federal ýürek-damar hirurgiýasy merkeziniň işi bilen tanyşdylar.