“Gyz edebi - il edebi”
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyn 18-ne Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetimiziň ilkinji Zenanlar guramasy halypa mugallymlaryň, talyplaryň gatnaşmagynda ýaşlarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak, maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen öşüsleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Gyz edebi - il edebi” atly öwüt-ündew duşuşygy geçirdi.