“Ýylyň talyby-2025” Döwlet bilim bäsleşiginde Baş baýrak!

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kesel bejeriş fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Söýegow Gadam Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamynda geçirýän özgertmelerini durmuşa geçirmekligi netijeli dowam etdirmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça talaplaryndan ugur alyp, merdana halkymyza, Ata Watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine çyn ýürekden wepaly, iň täze tilsimatly enjamlarynda işlemäge ukyply, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň, anyk maksatly ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýüze çykarmak we goldamak, olaryň alan bilimlerini durmuşda ulanyp bilmek endigini açyp görkezmek, Türkmenistanyň ýaş nesliniň ruhubelentligini, Watana buýsanjyny, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna, halkymyzyň baý sungatyna egsilmez söýgüsini açyp görkez maksady bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Ýylyň talyby” Döwlet bilim bäsleşiginde Baş baýraga mynasyp bolup, “Ýylyň talyby-2025” diýlip yglan edildi.